AŞTU

Biz barada

Ilkinji gezek 1994-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Baş hasaplaýyş merkezi tarapyndan №235 belgi bilen hasaba alynan Aşgabat şäher telefon ulgamy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň düzüm birligindäki kärhanalaryň hataryna girýärdi.
 
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 17-nji aprelinde kabul eden №14211 belgili karary esasynda Aşgabat şäher telefon ulgamy döwlet kärhanasynyň binýadynda, 2015-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi (öňki Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi), «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasy we «Altyn Asyr» ÝGPJ-ti «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary bolup durýar.
 
Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan aragatnaşyk operatorlarynyň biri bolmak bilen, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti Aşgabat şäheriniň çäklerinde müşderilere dürli, şol sanda simli telefon, Internet, IP telewideniýe, CDMA 450 D standartyndaky radioaragatnaşyk we beýleki hyzmatlary amala aşyrýar.   
 
Paýtagtyň telefon aragatnaşyk ulgamynda ýüzden gowrak sanly telefon stansiýalara tehniki taýdan hyzmat edilip, olaryň aglabasy häzirki zaman NGN we IP kommutasiýa standartlarynda işledilýär. 
 
Dünýä belli daşary ýurt operatorlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti döwletara birikme nokatlary dürli ýerlerden bolan ýokary tizlikli telekommunikasiýa kanallary bilen üpjün boldy we müşderilere ýokary hilli Internet hyzmatlaryny hödür edýär.
 
IP telewideniýe hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň sany 100 000-den artdy.
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti özüniň gelejekdäki ösüşinde, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini has ýokarlandyrmagy we olaryň görnüşlerini artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu maksatlar üçin ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hem, maglumat geçiriş ukyplygy ýokary bolan, müşderilere bölüji giň gerimli aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek bolup durýar. Bu ugurda optiki-süýümli transport ulgamlarynyň ýokary görkezijilere eýe bolýandygyny nazara alyp, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti optiki kabelleri müşderileriň öýüne çenli çekmek bilen GPON (Gigabit passive optical network) tehnologiýasynyň esasyndaky bölüji aragatnaşyk ulgamlaryny yzygider gurmagyny dowam edýär.
 
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň önümçilik işinde müşderilere dürli hyzmatlardan peýdalanmakda oňaýlyklary we amatlyklary döretmeklige aýratyn üns berilýär. Müşderiler tarapyndan hyzmatlardan peýdalanmakda online görnüşinde dürli hereketleri amala aşyrmak, meselem hyzmatlary birikdirmek ýa-da ýatyrmak, näsazlyklar barada habarlary ýerleşdirmek, balansyny bilmek, tölegleri amala aşyrmak we ş.m. üçin ýörite programma üpjünçilikleri, olaryň goşmaçalary döredilýär we ulanylyşa girizilýär.
 
Gaýry edara-kärhanalaryň hyzmatlary bilen gyzyklanýan müşderilere, meselem awtomobil, demir ýol hereketleri we ýolagçy gatnawlarynyň tertibi baradaky maglumatlary bermek hyzmatyny ýola goýmak üçin bir bitewi «Call center» ulgamyny döretmek işi meýilleşdirilen ugurda alnyp barylýar.
  
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti öz önümçilik işinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Döwlet adam üçindir» diýen syýasaty bilen gollanýar we durmuşa geçirýär.

Ulanyjylarymyzyň sany

  • Internet

    54312

  • IPTV

    105462

  • Telefon

    235331

  • CDMA

    55555

09 sorag-jogap

Edara - kärhanalar üçin 09 “sorag-jogap” gullugyna telefon belgileri bildiriş hökmünde bermek hyzmaty boýunça nyrhnamalar

E1 sanly akym

“Aşgabat şäher telefon ulgamy” ÝGPJ-niň Ethernet hyzmaty hem-de E1 sanly akym boýunça NYRHNAMALARY

Ethernet akymynyň kärendesi daşary ýurt fiziki we hukuk taraplary üçin: Her aýda
2 mbit/s tizlige çenli 962.00 ABŞ dollary
4 mbit/s tizlige çenli 1443.00 ABŞ dollary
6 mbit/s tizlige çenli 1924.00 ABŞ dollary
8 mbit/s tizlige çenli 2405.00 ABŞ dollary
10 mbit/s tizlige çenli 2886.00 ABŞ dollary
Birikdirmek: 50.00 ABŞ dollary
Ethernet akymynyň kärendesi üçin: Her aýda
2 mbit/s tizlige çenli 1000.00 Manat
4 mbit/s tizlige çenli 1500.00 Manat
6 mbit/s tizlige çenli 2000.00 Manat
8 mbit/s tizlige çenli 2500.00 Manat
10 mbit/s tizlige çenli 3000.00 Manat
50 mbit/s tizlige çenli 15000.00 Manat
100 mbit/s tizlige çenli 25000.00 Manat
500 mbit/s tizlige çenli 70000.00 Manat
1 gbit/s tizlige çenli 120000.00 Manat
Birikdirmek: 10.40 Manat
E1 porty sanly stansiýasyna çatmak üçin her aýda tölenmeli kärende tölegi 1000.00 Manat
Müşderi bilen sanly telefon stansiýasynyň arasynda gurnalan E1 akymy üçin her aýda tölenmeli kärende tölegi 1000.00 Manat
Kärende kanallaryny, E1 sanly akymaryny, E1 portlaryny, birikdiriji ulgamy taýýarlamak, açmak we ýapmak üçin: 10.40 Manat

Telematiki hyzmatlary (INFOKANAL)

Döwlete degişli edara - kärhanalar, hususy telekeçiler, daşary ýurt maýa goýujylary bolmadyk döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplar (hojalyk jemgyýetleri, hususy kärhanalar we başgalar)

2 mbit/s tizlige çenli 2280 manat
3 mbit/s tizlige çenli 2337 manat
4 mbit/s tizlige çenli 2394 manat
5 mbit/s tizlige çenli 2500 manat
6 mbit/s tizlige çenli 3500 manat
8 mbit/s tizlige çenli 4500 manat
10 mbit/s tizlige çenli 5000 manat

Habarlaşmak üçin

Soraglaryňyzy, teklipleriňizi we bellikleriňizi aşakdaky görnüşde iberip bilersiňiz.
Iň ýakyn wagtda jogaplanar.
Salgymyz:

А-Nyýazow köçesi, jaý 104
Türkmenistan, Aşgabat


Tel:

083


E-mail:

info@agts.tv



x

Müşderi:

“Altyn Asyr” plastik kartlary arkaly geçirilmek islenilýän pul möçberini giriziň:

Jemi: 0.00 manat

Hyzmatlar üçin tölegler 1 manatdan 3000 manat aralygynda ýerine ýetirilýär.